Jan 14, 2022 22:14 Asia/Ashgabat
  • Le Drian: Sanksiýalary ýatyrmak üçin Wena gepleşikleri haýal öňe barýar

Fransiýanyň daşary işler ministri Eýran bilen 4 + 1 toparynyň arasyndaky sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wena gepleşikleriň haýal dowam edýär diýip toslady.

“Al Jazeera” -nyň habaryna görä, Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iwes Le Drian Eýran bilen 4 + 1 toparyň arasyndaky sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wena gepleşikleriň haýal bolmagynyň ýaramaz täsiriniň boljakdygyny toslady.

Bu bir ýagdaýdadyr welin, EUB-niň daşary syýasat başlygy Jozef Borrell sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wena gepleşiklerinde Eýran bilen ylalaşyk gazanyp boljakdygyny we atmosferanyň öňküsinden has gowudygyny aýtdy.

2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak boýunça Eýran bilen 4 + 1 toparyň (Orsýet, Hytaý, Angliýa, Fransiýa we Germaniýa) arasynda başlanan Wenanyň täze tapgyry seresaplylyk bilen öňe barýar.

Tags