Jan 15, 2022 19:19 Asia/Ashgabat
  •  Owganystanyň demirgazygyndaky çaknyşyklarda ölenleriň sany köpeldi

Farýab welaýatynyň Meýmene şäherinde "Talyban" toparynyň içerki çaknyşyklaryň dowamynda öldürilenleriň we ýaralananlaryň sanyny 7 adama ýetdi.

Owganystanyň sesi gullugynyň (AVA) habaryna görä, şenbe güni yzly-yzyna üçünji gün Talyban özbek bilen puştun güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

ýerli habar çeşmeleriniň maglumatyna görä nägile güçler Meýmene  şäherini gabandyrlar we ok atyşygyň sesi henizem ýatan däldir.

Özbek Talyban komandiri tussag edilenden soň, penşenbe güni Meýmenede dartgynlyk ýüze çykyp başlady.

Tags