Jan 16, 2022 16:33 Asia/Ashgabat
  • Hytaý Günbatar Aziýadaky ýurtlaryň işlerine daşary ýurtlaryň gatyşmagyny tankytlady

Hytaýyň daşary işler ministri Günbatar Aziýanyň käbir ýurtlarynyň içerki işlerine daşary ýurtlaryň gatyşmagyny tankytlady.

Eýranyň serhetaşa Hytaý radiosynyň habaryna görä, Wang Yi, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Bahreýniň, Kuweýtiň, Omanyň, Türkiýäniň daşary işler ministrleri we BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşandan soň Hytaý metbugatyna beren interwýusynda: Günbatar Aziýada hiç wagt güýç boşlugy bolmandy we daşary ýurt güýçlerine zerurlyk ýokdyr diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Günbatar Aziýa ýurtlary özara meselelerini agzybirlik bilen çözüp biljekdigini aýtdy.

Wang Yi, Ysraýyl režimi-Palestina meselesine ünsi çekip, Palestina meselesi iň uly taryhy adalatsyzlykdygyny we gysga wagtda çözülmelidigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministri garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny we bu halkyň isleglerini goldady.

Tags