Jan 18, 2022 15:30 Asia/Ashgabat
  • Lukaşenko: Günbatar ýurtlary Belarusyň serhediniň golaýynda 30,000 goşun ýerleşdirdi

Belarusyň prezidenti Polşa we Baltika ýurtlary Belarus bilen serhet ýakasynda 8,000 bilen 10,000 aralygynda ABŞ-nyň goşunyny kabul etdiler diýip yglan etdi.

IRIB habar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä; Belarusyň prezidenti Minskdäki Garaşsyzlyk köşgünde harby işgärler bilen duşuşygynda Belarus bilen Orsýetiň arasyndaky bilelikdäki harby türgenleşik programmasy barada gürrüň gozgap Polşa sebitde harby enjamlary ýerleşdirmekde NATO-dan kömek sorady we munuň ýaramaz netijesi bolup biler diýdi.

Lukaşenko Belarusyň günbatar goňşularynda Amerikan goşunlarynyň huzurly bolmaklaryny we öz ýurduny Orsýet bilen bilelikdäki hereketleri we türgenleşikleri geçirmekde günäkärlenýänligi üçin tankytlady.

Ol şeýle-de Belarusyň günorta serhedindäki ýagdaýyň hem aladalanýandygyny belläp, Ukrainanyň Belarus serhedine goşun ibermegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Düýn, Orsýet bilen Günbataryň arasynda Ukraina bilen baglanyşykly dartgynlylygyň arasynda Minsk fewral aýyndan Moskwa güýçleriniň huzurly bolmagynda bilelikdäki harby türgenleşigiň geçiriljekdigini habar berdi.

Belarusyň prezidenti bu türgenleşigiň Belarusyň günbatar çetinde we NATO agzalarynyň serhetlerinde, Polşa we Litwanyň serhedinde we onuň günorta tarapynda bolýan Ukraina tarapynda geçiriljekdigini habar berdi.