Jan 20, 2022 18:40 Asia/Ashgabat
  • Amerika Russiýa bilen dartgynlygyny dowam etdirýär

ABŞ-nyň prezidenti Russiýanyň Ukraina hüjüm edip biljekdigi baradaky toslamasyny gaýtalamak bilen degişlilikde Moskwa haýbat atdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden penşenbe güni irden Russiýa haýbat atdy we Ukrainadaky dartgynlylygy güýçlenip, bu ýurda hüjüm etse, "betbagtçylyk" bilen ýüzbe-ýüz bolar diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti, Ukraina hüjüm eden ýagdaýynda, Russiýanyň uly adam we maddy ýitgi çekjekdigini toslamak bilen "Elbetde, Putin giň gerimli söweş isleýär öýdemok.emma Russiýa ýadro ýaraglaryny ýerleşdirse, Ukrainada, Polşada we Rumyniýada güýçlerimizi güýçlendireris diýip beýan etdi".

Baýden, NATO-nyň Ukraina bilen bbaglanşykly ýaran däldigi baradaky toslamalary ynanmaly däldir diýmek bilen "Biz NATO-daky ýaranlarymyzy güýçlendireris. we egerde Russiýa Ukraina hüjüm etse, jogapkärçilige çekeris diýdi".

Baýden Putine sanksiýalar bilen haýbat atyp, "Ol wada beren sanksiýalarymy hiç wagt gören däldir we Ukraina hüjüm edilse, rus banklary dollar bilen söwda edip bilmezler" diýdi.

Ukraina, ABŞ, NATO we Waşingtonyň käbir günbatar ýaranlary Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek isleýändigini bir ýagdaýda öňe sürýärler welin Moskwanyň ýokary wezipeli adamlary beýle meýilnamanyň Kremliň gün tertibinde däldigini birnäçe gezek mälim etdiler.

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Russiýa garşy howpuna jogap edip Russiýa hemişe şeýle howp abanýar diýdi.

Peskow şeýle-de penşenbe güni habarçylara Russiýa barada haýbat atyjy sözler we hyýaly hereketleri üçin Russiýanyň agyr tölemeli boljakdygy baradaky duýduryşlar her gün eşidilýär diýdi.

Tags