Jan 24, 2022 22:22 Asia/Ashgabat
  • Militarizm, Gazagystanyň prezidentiniň howpsuzlyk strategiýasy

Gazagystanyň prezidenti howpsuzlyk güýçleriniň soňky bidüzgünçilikleri saklap bilmezliginden soň ýörite güýçler serkerdeligini döretmek kararyna geldi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýew duşenbe güni ýörite operasiýa güýçleriniň serkerdeligini döretmegi buýurdy.

Gazagystanyň milli howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we üpjün etmek Tokaýew-iň bu täze gurluşy döretmeginiň esasy sebäbi diýilip mälim edildi.

Awtoulag gazynyň bahasynyň ýokarlanmagyndan soň Gazagystan 2-nji ýanwardan bäri köpçülikleýin nägileliklere sezewar boldy. Demonstrasiýa zorluga we talaňçylyga öwrüldi we Gazagystanyň hökümeti howpsuzlyk güýçleriniň talaňçylary saklap bilmeýändigi sebäpli Toparlaýyn Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndan kömek sorady.

Guramanyň güýçleri gelenden we ýagdaýy köşeşdirenden soň, Tokaýew ykdysady özgertmelerden başga-da Gazagystanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşyny özüniň gün tertibinde goýdy.