May 19, 2022 16:51 Asia/Ashgabat
  • Owganystanda

Kabul şäher häkimligi bu şäherde beýt Al-Mukaddsesiň nyşanyny açdy.

IRNA-nyň habaryna görä, düýn (çarşenbe) bolup geçen bu nyşanyň açylyş dabarasyna Owganystandaky Talybanyň hökümet işgärleri we köp sanly owgan raýaty gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanda Talyban hökümeti işe başlaly bäri, hökümet işgärleri we metbugat wekilleri Talybanyň sionist režim baradaky resmi pozisiýasyny we basyp alyjylaryň we bu režimiň jenaýatlarynyň garşysynda ezilen palestina halkyny goldawy barada birnäçe gezek nygtandyrlar ýöne indi bu simwolyň Kabulda gurulmagy Talyban tarapyndan möhüm ädimdir.

Talyban geçen hepde Al Jazeera habarçysy Şirin Abu Akelanyň Günbatar Şeriýada şehit bolmagyna jogap edip bu jenaýaty ýazgardy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky (Owganystanyň paýtagty) ilçihanasy bu şäherde beýt Al-Mukaddsesiň nyşanynyň döredilmegini Yslam gymmatlyklaryny goldamak we Sionist regiminiň basyp alyşlygyna garşy çykmak höküminde garady.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, şu gün penşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasy Kabulyň meýdançalarynyň birinde beýt Al-Mukaddsesiň nyşanynyň açylmagyna jogap hökmünde bu çäräni "mynasyp çäre" diýip atlandyrdy.