May 26, 2022 15:21 Asia/Ashgabat
  • Russiýa: ABŞ-nyň basyp almagy Siriýadaky durnuklylyga esasy päsgelçilikdir

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili häzirki wagtda Siriýada durnuklylygyň öňüni alýan zadyň ABŞ-nyň bu ýurduň çäginiň köp bölegini basyp almagydygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Siriýadaky harby goly hökmünde DAEŞ terrorçy toparynyň ýeňilmegi bilen Amerikan güýçleri bu toparyň gönüden-göni ornuny tutdy we şol pursatdan başlap olar DAEŞ-nyň ýerine Siriýanyň nebitini çykaryp we ogurlap başladylar.

Siriýanyň hökümeti "Siriýanyň Demokratik Güýçleri" diýlip atlandyrylýan söweşijileriň we Siriýanyň gündogar we demirgazyk-gündogaryndaky amerikalylaryň nebit talamakdan başga maksatlarynyň ýokdugyny we olaryň bolmagynyň bikanundygyny köp gezek nygtady.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Siriýanyň terrorçylyga garşy göreşde möhüm üstsnlikleri gazanandygyny we durnuklaşmagyna päsgel berýän zadyň ABŞ güýçleri tarapyndan territoriýasynyň köp bölegini basyp almagydygyny aýtdy.

Nebenzia Waşingtony "Siriýanyň halkynyň tebigy baýlyklaryny we oba hojalygyny talamakda" aýyplamak bilen "Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň däne we nebit söwdasynyň bikanun söwdasyny giňeldýär we serhetlerden bikanun geçirýär " diýdi.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň energiýa we azyk krizisine garşy göreşmek üçin esas bolan Siriýanyň bugdaýyny we nebitini talaýandygyny aýtmak bilen "ABŞ-nyň Siriýanyň basyp alan ýerlerinde raýatlar kabul edip bolmajak şertlerde ýaşaýarlar we bu jenaýatlar üçin jogapkärçilik çekilmeýär "diýdi.

Tags