May 27, 2022 10:11 Asia/Ashgabat
  •  ÝB Maýmyn mama keseline garşy sanjym satyn alar

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurdyň Maýmyn mama keseline (monkeypox) garşy sanjym we antiwiral satyn aljakdygy mälim edildi

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurdyň Maýmyn mama keseline (monkeypox) garşy sanjym we antiwiral satyn aljakdygy mälim edildi.

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karolina Darias metbugata beren beýanatynda, Daniýanyň Bawarian Nordik firmasy tarapyndan öndürilen, Ýewropanyň Derman agentligi tarapyndan tassyklanan Maýmyn mama keseli sanjymy "Imvanex" sanjymynyň ÝB-de Maýmyn mama keseline garşy ulanylmak maksady bilen satyn alynjakdygyny habar berdi. 

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karolina Darias, ady agzalan sanjymyň haýsy ýaş aralygyndaky adamlara we keselli adamlaryň haýsy toparyna garşy ulanyljakdygy barada maglumat bermedi. 

Maýmyn mama keseliniň Ýewropada iň ýaýran ýurdy Ispaniýa hökmünde bilinýär. 

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beren soňky beýanatyna görä Ispaniýada Maýmyn mama keseline ýolugan adamlaryň sany 59-a ýetdi. 

Çarşenbe güni Portugaliýanyň saglyk bölümi maýmyn  mama keselinden 10 sany täze hassanyň hasaba alnandygyny we ýurtda bu wirusa ýokaşan adamlaryň sanynyň 49-a ýetendigini habar berdi.

IRNA laýyklykda; Portugaliýanyň saglygy goraýyş bölümi: "Kesgitlenen hassalaryň hemmesi erkekler, köpüsi 40 ýaşa ýetmedikler" -diýdi.

Saglygy goraýyş işgärleri ejir çekenleriň köpüsiniň Angliýa gidendigini aýdýarlar. Angliýa wirusy habar beren ilkinji Ýewropa döwleti boldy.

Angliýanyň saglyk işgärleri sişenbe güni bu kesele ýolugan 14 hassany anyklandyklaryny habar berdiler.

Maýmyn mama keseli, Ýewropa we ABŞ ýaly 16 ýurtda seýrek duş gelýän wirus ýokaşmasydyr.

Maýmyn mama keseliň irki alamatlarynda gyzzyrma, kelle agyry, myşsa agyrylary, arka agyrylary, limfa düwünleri çişmek, sowuklama we ýadawlyk bardyr.

Maýmyn mama keseli ilkinji gezek 1958-nji ýylda gözleg üçin saklanýan maýmynlarda ýüze çykaryldy we maýmyn mama keseliniň adamlarda ilkinji keseli 1970-nji ýylda ýüze çykaryldy.

 

Tags