Jul 01, 2022 12:46 Asia/Ashgabat
  • Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti, 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ýokarlanmagyna ünsi çekip, Gazagystan-Eýran-Türkmenistan demir ýolunyň iň köp ulanylmagyny isledi.

Fars habar gullugynyň duşenbe-den beren habaryna görä Gazagystanyň prezidenti "Kasym Žomart Tokaýew" adaty logistika zynjyrlaryny döwmek şertlerinde transport aragatnaşygy, Kaspi ýurtlarynyň arasyndaky durnukly ösüşde we ykdysady gatnaşyklary berkitmekde esasy faktor bolýar diýdi.

Tokaýew şeýle-de, Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasyndaky tranzit akymlaryny üpjün etmek üçin Hazar transmilli halkara transport ýolunyň rolunyň ep-esli ýokarlanandygyny aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti gyssagly guramaçylyk meselelerini bilelikde we çalt çözmeli we geljegi uly Demirgazyk-Günorta koridorynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns bermelidiris diýmek bilen munuň üçin Gündogar Aziýa bilen Pars aýlag ýurtlarynyň arasynda iň gysga ýol bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň kuwwaty iň ýokary derejede ulanylyp bilner diýdi.

Gazagystanyň prezidenti sözüniň ahyrynda bu täze logistika çözgüdi, 12 günüň içinde 6000 kilometrden gowrak ýol geçmäge mümkinçilik berýär diýip nygtady.

Tags