Jul 31, 2022 00:34 Asia/Ashgabat
  • Blinken Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken , Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününden bäri şu gün ilkinji gezek Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň içgin ýagdaýda geçendigini nygtan Blinken “Britni Griner bilen Pol Uilanyň boşadylmagy üçin hödürlän tekliplerimizi kabul etmeklerini nygtadym” diýdi.

Blinken, telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň ukrain gallasynyň eksport edilmegi üçin beren wadasynda durmalydygyna ünsi çekendigini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken “Ukrainadaky ilçimiz Brink şu gün irden Odessa portuna baryp gördi. Gallalaryň gämilere ýüklenendigini we eksporta taýardygyny tassyyklady. Russiýanyň bu meseledäki tutumy bütin dünýä üçin diýseň möhüm” diýdi.

Blinken, rus hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Blinken bilen Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar we galla krizisi hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

24-nji fewralda rus goşuny Luhansk we Donetsk sebitleriniň ýolbaşçylaryna Ukrainanyň hüjümlerine garşy kömek bermek maksady bilen bu ýurda harby hüjüm gurady.

Uruş başlanaly bäri Ýewropa we Günbatar ýurtlary, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasyna garşy sanksiýalaryň basyşyny güýçlendirmek we Kiýewe her dürli ýeňil we agyr ýarag bermek bilen, Ukrainadaky söweşi bes etmek üçin ädim ätmediler,eýsem Has dogrusy, bu ýurtdaky konfliktleriň oduny ýakdylar.

Şeýlede,Wladimir Zelenskiý, galla eksportynyň amala aşyryljak 3 portundan biri bolan Çernomorsk portuna baryp, galla eksporty üçin görülýän taýarlyklar bilen ýakyndan tanyşdy.

Türkiýe we BMG bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdan Zelenskiý, “Galla eksportuna başlamak üçin olardan habara garaşýarys” diýdi.

Ukrain gallasynyň howpsyz ýagdaýda deňiz ýoly arkaly daşalmagy üçin 22-nji iýulda Stambul şäherinde Dolmabahçe köşgünde, Prezident R. T. Erdoganyň we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda Ukraina bilen Russiýa “Galla ylalaşygyna” gol çekişipdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Günbatar ýurtlarynyň ukraina goşunyna giňişleýin kömegine garamazdan, rus goşunynyň Ukrainanyň gündogar sebitlerinde üstünlikleri dowam edýär.

 

 

 

 

Tags