Jul 31, 2022 00:56 Asia/Ashgabat
  • Russiýa:

Russiýa Owganystanda terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň sanynyň 3 esse artyp 6 müňe ýetendigini habar berdi

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, paýtagt Moskwa şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda Owganystan temasy barada beýannama berdi. 

Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň durmuşa geçirýän işleriniň üstünde durup geçen Zamir Kabulow, Talibanyň ýurdy dolandyrmak üçin jebisleşdiriji ideologiýa entek eýe bolmandygyny beýan etdi. 

Beýleki tarapdan Kabulow Owganystanda häzirki hökümede garşy harby deňagramlylygy emele getirip biljek oppozision toparyň bolmandygyny aýan etdi. 

Owganystanda DAIŞ meselesiniň hem üstünde durup geçen Zamir Kabulow, ady agzalan gurama agza terrorçylaryň sanynyň artandygyny belläp: "Olaryň sany 6 müňe ýetdi. Talibanyň hökümediň başyna geçmeginden we DAIŞ-e garşy berk çäreler görmeginden soň, terrorçylaryň sany 2 müň töwerekdi. Ýagny häzirki wagtda 3 esse artdy. Ol Owganystandaky ýagdaýyň iň oňaýsyz tarapy. Sebäbi DAIŞ-e agza terrorçylar, ozaldan bolşy ýaly diňe Owganystany däl, eýsem goňşy ýurtlary hem durnuksyzlaşdurmaga ýykgyn edýärler" diýip belledi. 

Kabulow: "Taliban sanksiýalar sebäpli terrora garşy güýçleriň söweşjeň mümkinçiligini we maliýe ýagdýyny laýyk derejede goldamak üçin ýeterlik derejede çeşmä eýe däl" diýip habar berdi. 

 we Şam Yslam Döwleti (YŞYD) - (köpler Yrak we Siriýa Yslam döwleti diýibem terjime etýäler) — sunni (sunnizm-Yslam hökümetiniň filialy), ekstremist, jyhadçy, özüni halyfatlyk diýip yglan eden, Yrak we Siriýada iş ýöredýän, resmi taýdan yglan edilmedik döwletdir. Bu topar özüni "Yslam Döwleti" (YD) diýip atlandyrýar.

 Bu terrorçylaryň agzalary soňky ýyllarda Yrak we Siriýada, Eýranyň hyzmatdaşlygynda ýog edilendir.Ondan soňra, DAIŞ-yň galanlary Owganystan göçendirler.

 

Tags