Aug 02, 2022 21:36 Asia/Ashgabat
  • Nansi Pelosiniň Taýwana eden saparyna Hytaýyň reaksiýasy

Hytaýyň Daşary işler ministrligi "Nansi Pelosiniň" Taýwan adasyna eden saparyna reaksiýa bildirdi.

Waşingtonyň Pekine garşy dartgynlylygyny dowam etdirmek üçin ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy Nansi Pelosini alyp barýan uçar sişenbe güni agşam "Bir Hytaý" syýasatyny bozup Taýwan adasyna bardy.

"Raşa Today" teleýaýlymynyň habaryna görä Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda: "Nansi Pelosiniň" Taýwana sapary esasy syýasy prowokasiýa hasaplanýar we Pekin muňa aç-açan garşy çykýandygyny mälim edýär.

Pekin, Amerikanyň "Bir Hytaý" ýörelgesine bilkastlaýyn boýun egmezligini ýazgarmak bilen, Amerikalylaryň Taýwan meselesi bilen baglanyşykly ot bilen oýnaýandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem Pekin Amerikany dünýä parahatçylygy üçin iň uly howp hasaplamak bilen Amerikanyň bu hereketi bilen garşylaşjakdygyny yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Bir Hytaý" syýasatynyň goldaýandygyny aýtmak bilen şeýle diýdi: "Eýran Yslam Respublikasy, ýurtlaryň territorial bitewiligine hormat goýmagy daşary syýasatynyň esaslaryndan biri hasaplaýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi sişenbe güni ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy Nansi Pelosiniň Taýwana eden saparyna jogap edip: Ýurtlaryň milli özygtyýarlylygyna hormat goýmak Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy ýörelgelerinden biridir diýdi.

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy Taýpe geleninden soň, bu saparynyň ABŞ-nyň we Hytaýyň bilelikdäki beýannamalary babatynda alyp barýan syýasatyna garşy gelmeýändigini aýtdy!