Aug 11, 2022 19:27 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň Ýewropa Akdyrýan Gazynyň Mukdary 40 Göterim Azaldy

Russiýanyň turba geçirijiler arkaly ÝB-ne agza ýurtlara we Britaniýa akdyrýan tebigy gazynyň mukdary ýylyň 7 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 40 göterime barabar azaldy.

ABŞ-nyň Energiýa maglumatlary edarasynyň beýan etmegine görä Russiýanyň 2016-2020-nji ýyllaryň aralygynda turba geçirijiler arkaly ÝB-niň agzalaryna we Britaniýa akdyran gazy, şol ýurtlaryň jemi sarp edýän gazynyň üçden bir bölegine deň gelýär.

Russiýanyň turba geçirijiler arkaly ÝB-niň agzalaryna we Britaniýa tebigy gaz eksporty ýylyň 7 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 40 göterime barabar azalyp, günlük 1,2 milliard kub fite düşdi. Şeýlelikde gaz eksporty 40 ýylyň iň aşak çägine ýetdi.

Russiýadan tebigy gaz geçirijisi bilen edilýän eksportyň azalmagynyň öwezini dolmak isleýän ÝB-niň agzalary we Britaniýa, ABŞ-dan ýokary mukdarda suwklandyrylan gaz import edýär.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň aprel aýynda kabul eden, Russiýadan kömür importyna gadagançylyk girizmek bilen bagly sanksiýa bukjasy, geçiş tapgyrynyň tamamlanmagy bilen durmuşa geçirilmäge başlandy. 

Şeýlelik bilen ýylda 8 milliard ýewro ýetýän Russiýa önümi bolan ýa-da Russiýadan eksport edilýän kömür we beýleki gazylyp alynýan ýangyçlaryň satyn alynmagy, import edilmegi ýa-da Ýewropa Bileleşigine getirilmegi gadagan edildi. 

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy energetika ugrundaky sanksiýalaryň ilkinjisi kömüriň alynmagyna gadagançylyk girizilmegidi. 

Russiýadan nebit importyna gadagançylyk girizmek bilen bagly kararyň bolsa dekabr aýynda güýje girmegine garaşylýar. 

Russiýa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iň köp kömür ugradýan ýurt ýagdaýyndady. 

Russiýa kömür eksportynyň takmynan 25 göterimini Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrýardy. 

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bolsa kömür importynyň 45 göterimini, elektrik önümçiligine ulanylýan kömüriň bolsa 70 göterimini Russiýadan satyn alýardy. 

Russiýanyň Energetika ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, Russiýa 2021-nji ýylda ÝB-ne agza ýurtlara 48,7 million tonna kömür satdy. 

Beýleki tarapdan, Russiýa nebit we gaz üçin täze bazar gözleýär we bu ugurdaky statistika beýleki sebitlere we ýurtlara, esasanam Hytaýa energiýa eksportynyň ep-esli artandygyny görkezýär. Bu nukdaýnazardan, 2022-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda Hytaýa 10 million barrel rus nebitiniň eksportynyň artandygyny bellemelidiris. Mundan başga-da, Russiýa Hindistana energiýa eksportyny ep-esli artdyrmaga synanyşýar.Bu ýagdaýlaryň hemmesi günbatarlylaryň Russiýanyň ykdysadyýetini bozmak ugrundaky tagallalarynyň köplenç başa barmandygyny görkezýär.

 

Tags