Aug 14, 2022 15:53 Asia/Ashgabat
  • Putin: Russiýa bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň howpsuzlygyny ýokarlandyrar

Russiýanyň prezidenti Pakistanyň ýokary wezipeli adamlaryna ýüzlenip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sebitiň howpsuzlygyny ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Sputnikiň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, prezident Arif Alwi we premýer-ministr Şahbaz Şerif ýaly Pakistanyň ýokary derejeli resmilerine ýüzlenip, Pakistanyň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny gutlamak bilen Moskwa bilen Yslamabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artjakdygyna we sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Wladimir Putin bu sargydynda Russiýa bilen Pakistanyň Owganystan we terrorçylyga garşy göreş meselesindäki hyzmatdaşlygyny agzady.

Päkistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, Pakistanyň öňki premýer-ministri Imran Hanyň Russiýa baradaky pozisiýasy we Amerikanyň sebitdäki bähbitlerine zyýan ýetirmegi sebäpli özüniň hökümetden boşadylmagy baradaky aýdanlaryny göz öňünde tutaňda möhümdigini mälim edýär.

Imran Han häkimiýetden aýrylmagyny Amerikanyň we içerki garaşly elementleriň dildüwşügi hökmünde häsiýetlendirdi.

Tags