Aug 16, 2022 13:47 Asia/Ashgabat
  • Pfizer-iň başlygyna korona ýokaşdy

"Pfizer" kompaniýasynyň başlygy "Albert Borella" twitterde korona synagynyň oňyn bolandygyny habar berdi.

IRIB habarlar gullugynyň habaryna görä, “Pfizer” -iň baş direktory Albert Borella duşenbe güni korona synagynyň oňyn we ýumşak täsirleriniň bardygyny habar berdi.

60 ýaşyndaky Borella korona wirusyna garşy bejergisini başlandygyny we karantini kabul etmek bilen saglyk baradaky ähli duýduryşlary ýerine ýetirendigini habar berdi.

Bu bir ýagdaýdadyr welin, Borella şu wagta çenli Amerikanyň Pfizer kompaniýasy we nemes hyzmatdaşy Biotech tarapyndan öndürilen korona sanjymynyň dört dozasyny alandyr.

Pfizer, Amerikanyň köpmilletli derman we biotehnologiýa kompaniýasy bolup, ýyllyk girdejisi 81,2 milliard dollar bolan dünýäniň iň uly derman kärhanasy hökmünde tanalýar.