Sep 18, 2022 16:38 Asia/Ashgabat
  • Kuba: Sionist režimi Günbatar Aziýa sebitiniň durnuklylygyna howp salýar

Kubanyň daşary işler ministri Sionist basyp alyjy režiminiň hüjümlerini Günbatar Aziýa sebitinde durnuklylyga howp salýan sebäp hökmünde yglan etdi.

IRNA-nyň ýekşenbe güni beren habaryna görä Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodriguez sionist režimiň Damaska ​​we Siriýanyň paýtagtynyň käbir günorta etraplaryna eden täze hüjümlerini berk ýazgarmak bilen Sionist basyp alyjy režiminiň hüjümleri halkara kanunlarynyň aç-açan bozulmagy we Günbatar Aziýa sebitiniň durnuklylygyna howp salýar diýip yglan etdi.

Kubanyň Daşary işler ministri şeýle-de ýurdunyň Siriýa hökümetine we halkyna berýän goldawyny dowam etjekdigini aýtdy.

Siriýanyň resmi habar gullugy (SANA) sionist basyp alyjy režiminiň söweşiji uçarlarynyň geçen şenbe güni irden Damaskyň töweregindäki ýerleri nyşana alandygyny habar berdi, ýöne bu ýurduň howa goragy bu hüjümleri ýatyrdy.

Sionist basyp alyjy režimi tarapyndan amala aşyrylan bu howa hüjümleri bir ýagdaýdadyr welin, Siriýanyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasyna birnäçe gezek hat iberip, bu hüjümleri ýazgarmakdan aýry bu işiň bes edilmegini isländir.

Tags