Sep 27, 2022 17:25 Asia/Ashgabat
  • Russiýa: Birleşen Milletler Guramasy Ukraina babatynda bitarap pozisiýa eýelemeli

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Birleşen Milletler Guramasyndan Ukraina meselesinde has deňagramly we bitarap pozisiýa eýelemegini isledi.

Sputnik habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni beren beýanatynda Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary "Sergeý Werşinin" Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy orunbasary "Rosemary DiKarlo" bilen duşuşygynda Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibindäki meseleler, esasanam Ukrainadaky we Donbassdaky ýagdaýlar, we Zaporižiýa atom elektrik stansiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu beýannamada: "Sergeý Werşinin" Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryndan Ukraina bilen baglanyşykly meselelerde has deňagramly we bitarap pozisiýa eýelemegini isledi.

Bu beýannama laýyklykda Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG Baş sekretarynyň wekillerini we ýörite wekillerini bu guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli agzalarynyň razyçylygy bilen bellemegiň möhümdigini aýtdy.

Bu duşuşykda iki tarap Siriýadaky we Liwiýadaky ýagdaýlar we beýleki meseleler barada hem maslahatlaşdylar.