Oct 03, 2022 20:19 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Amerika Russiýa howp salmak üçin Ukrainany gural höküminde ulanýandyr

Russiýanyň Daşary işler ministri Amerikanyň Ukrainany Russiýa howp salmak üçin gural hökmünde ulanýandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşenbe güni bu ýurduň Milli mejlisinde (Duma) eden çykyşynda ABŞ-nyň Russiýa howp salmak üçin Ukrainany gural höküminde ulanýandygyna yşarat edip ABŞ-nyň tersine Russiýa uzak ýurtlardaky hamala howplara gaýtawul görkezýän däldir-de, eýsem öz çägindäki howplara reaksiýa bildirýär diýdi.

Sergeý Lawrow Russiýanyň Milli mejlisinde (Duma) Donetsk, Luhansk, Zaporižiýa we Kerson dört sebitiniň bu ýurda goşulmak şertnamalary tassyklandan soň eden çykyşynyň dowamynda bu dört sebitiň ýurda goşulmagy, rus topraklarynyň bu ýurda gaýdyp gelmeginiň logiki dowamydyr bu iş sekiz ýyl ozal Krym ýarym adasynyň oňa goşulmak üçin beren sesleri bilen başlandy diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Donetsk, Luhansk, Zaporižiýa we Kerson dört sebitiniň ilatynyň erkin referenduma gatnaşmak kararyna gelendigini we bu kararyň halkara kanunlaryna laýyk gelýändigini aýtdy.

Şeýle hem Lawrow, Kiýewiň tarapyndan bu sebitlerdäki adamlaryň durmuşyna abanýan howplaryň artýandygyna yşarat edip bu sebitleriň Ukrainada bolmagy mümkin däl diýdi.

Russiýanyň Milli Mejlisi (Duma) duşenbe güni Donetsk, Luhansk, Kerson we Zaporižiýanyň Russiýa goşulmak şertnamalaryny tassyklady.

Tags