Oct 06, 2022 10:43 Asia/Ashgabat
  • Putin 4 Sebitiň Russiýa Birikmegini Tassyklady

Putin, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň Russiýa birikmegi hakyndaky kanunlary tassyklady.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň anneksirlenmegi hakyndaky kanunlary tassyklady.

Kreml tarapyndan berlen beýannamada, Putiniň, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň Russiýa birikmegi hakyndaky kanunlary tassyklandy nygtaldy.

Ady agzalýan kanunlara görä, şol sebitlerde ýaşaýanlar rus raýaty hökmünde kabul ediler.

Putin tassyklan kararnamalary bilen ady agzalýan sebitlere wagtlaýyn ýolbaşçysy belledi.

Kanunlar 10 gün soň güýje girer.

Emma ýakynda hem ussiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukrainanyň rus goşunlary tarapyndan basylyp alynan Herson we Zaporožiýe sebitleriniň “garaşsyzlyklaryny” ykrar edýan karara gol çekdi.

Kararlar bilen Russiýa Ukrainadaky Herson we Zaporožiýe sebitleriniň “garaşsyzlyklaryny” ykrar etdi.

Ukrainadaky rus tarapdary separatçylaryň gözegçiligindäki Donesk we Lugansk “Halk Respyblikalary” bilen rus goşunlary tarapyndan basylyp alynan Herson we Zaporožiýe sebitlerinde Russiýa birikmekleri üçin 23-27-nji sentýabrda referendum geçirilipdi.

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow adybir sebitleriň Russiýa birikmegi üçin şu gün Kremdelde dabara guraljakdygyny beýan edipdi.

Russiýa Doneskdäki we Luganskdaky separatçy dolanşyklaryň “garaşsyzlyklaryny” 21-nji fewralda ykrar edipdi.

Şol bir wagtyň özünde,Zelenskiý: “Russiýa Ukrainanyň täze bir sebitini almaýar. Russiýa ýurdumyzyň basylyp alynan ýerlerine getiren apada özüni anneksirlär” diýdi.

Millionlarça ukrainalynyň Ukrainanyň territorial bitewiliginiň gaýtadan gazanylmagy, howpsuzlyk we parahatçylyk üçin göreşýändigini aýdan Zelenskiý; “Şu gün göreşimiziň başga bir güni, ýeňişe barýan ýolda başga bir gün. Biziň üçin özboluşly bolarmyka? Bizi howpsuzlyga we parahatçylyga, territorial bitewiligimiziň abatlanmagyna ýakynlaşdyrjak başga bir gün bolar. Russiýa Ukrainanyň täze bir sebitini almaz. Russiýa ýurdumyzyň basylyp alynan ýerlerine getiren apadyna özüni anneksirlär” diýdi.

Zelenskiý Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň nobatdan daşary maslahat geçirjekdigini hem-de käbir kararlary kabul etjekdigini beýan edip; “Haýsydyr bir rus aksiýasyna nähili garşylyk görkezjekdigimizi bilýäris” diýdi.

 

Tags