Oct 06, 2022 10:51 Asia/Ashgabat
  • ABŞ Iki Standartly Çemeleşýändigini Boýun Aldy

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýs Gresiýa bilen Türkiýä Amerikan ýaraglarynyň ulanylyş şertlerinde iki standartly çemeleşýändigini kabul etdi.

Ned Praýs Gresiýanyň halkara şertnamalary laýyk gelmeýän görnüşde Egeý deňizindäki adalara ornaşdyran Amerikan önümi sowutly ulaglarynyň ulanylyş şertlerinde Amerikan bähbitlerine esaslanylýandygyny aýtdy.

Ned Praýs gündelik metbugat ýygnagynda Türkiýe bilen Gresiýa aralaryndaky düşnüşmezlikleri diplomatik ýollardan çözmäge çagyryp, döwletleriň birek-biregiň serhetlerine sarpa goýmalygyny, sebitde dartgynlyga sebäp bolýan beýanatdyr aksiýalardan çetde durulmalydygyny beýan etdi.

“Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysy,  Metbugat sekretarynyň ýurtlaryň öz ýaraglaryny nirä ornaşdyrjakdyklary hakynda garaýyş beýan etmejekdigini aýtmagyndan soň: “Her ýarag satuwynda ulanyş şertleriniň bardygyny bilýäris. Gresiýanyň halkara şertnamalary bozmak üçin ulanan Amerikan önümleri boýunça haýsydyr bir şert ýokmy” diýlen soragy berdi.

Praýs; “Dünýä derejesinde ýaranlarymyza we hyzmatdaşlarymyza berýäň howpsuzlyk kömeklerimiz, ýarag ulgamlary bilen elmydama ýakyndan gyzyklanýarys” diýip, jogapkär bermek bilen çäklendi.

“AP” habarlar gullugynyň habarçysy bolsa; “Ýaraglaryň nirä ornaşdyryljakdygyna döwletler karar berýän bolsa, türklere näme üçin S-400 howa goranyş ulgamyny ornaşdyrmaň diýýäňiz” diýip, sorag berdi.

Habarçy, Ned Praýsyň; “Onuň netijeleriniň boljakdygyny aç-açan beýan etdik” diýlen jogabyndan soň: “Onda, mundan soň ýada düşýän mantykly sorag şeýle: Amerikan ýaraglary Gresiýa tarapyndan meçew brmelerde ulanylýar. Onuň netijeleri bolarmy?” diýdi.

Bu soraga jogap bermedik Praýs; her bir ýurduň öz kararyny berip biljekdigini, emma “käbir mysallaryň” netijeleriň boljakdygyny beýan etmek bilen çäklendi.

Ned Praýs, “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysynyň; “Ulanylyş şertleri hyzmatdaşlaryna goýulyp, beýlekisine goýulmaýan bolsa, bu ýerdäki standart näme? Bu şertleriň strandardy iki strandartlylyk bolup, bolmandygyny nähili seljermeli” diýlen soragyna bosla; “Biziň iş esaslanýan standardymyz Amerikan milli bähbidine amatly bolan şertlerdir” diýip jogap berdi.

Tags