Oct 08, 2022 23:51 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň söweş ministriniň Bakuwa bolan gizlin we mekirli sapary

Sionist režimiň söweş ministri Benni Gantz, duşenbe güni öýlän gününe çenli gizlin saklanan Azerbaýjan Respublikasyna eden saparynda, Bakuwda Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Resmi Azartaj habar gullugy bu ýygnak barada iki setirli habarda şeýle ýazdy: 3-nji oktýabrda Azerbaýjanyň prezidenti Ysraýylyň Goranmak ministri Benni Gantz bilen duşuşdy we bu duşuşykda harby-tehniki hyzmatdaşlyk we onuň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň resmi web sahypasyna görä Benni Gantz, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen duşuşygynda Respublikanyň arasynda harby hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Azerbaýjan we Ysraýyl  bu ugurda hünärmenleriň iş toparlaryny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy şeýle-de  Dürli we beýleki gyzykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sionist režimiň Eýran meseleleri boýunça tanymal bilermeni we Ysraýyl radiosynyň pars bölüminiň öňki öý eýesi Mena Şaamir Günbatar bilen baglanyşykly pars dilindäki metbugat bilen söhbetdeşlikde, Eýrana garşy gozgalaňçylary öjükdirmek we höweslendirmek üçin Benni Gantzyň Bakuwdaky saparyny Eýrandaky tolgunyşyklar bilen baglanyşdyrdy we bu saparyň gizlin saklanandygyny aýtdy.

 

Tags