Nov 21, 2022 10:05 Asia/Ashgabat
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa resmileriniň duşuşygy

Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 18-nji ýygnagy we Durnukly ösüş üçin Yewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa özara baglanyşyk konferensiýasy "Dünýä derwezesi" ady bilen Samarkant-da geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri Jozef Burrelliň, EUB-ne agza ýurtlaryň, halkara maliýe guramalarynyň we hususy pudagyň ýokary derejeli resmileriniň, bilermenleriň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Jozef Burrell Samarkand şäherinde geçirilen bu halkara ýygnakda Merkezi Aziýany strategiki sebit hasaplady we söwda pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, söwda we maýa goýumlary boýunça bilelikde işlemeli,howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we dünýäde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmegi isleýän bolsak, has köp hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.

Tags