Nov 23, 2022 21:02 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň we Hytaýyň Goranmak ministrleri duşuşyk geçirdiler

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin we Hytaýyň Goranmak ministri general Weý Fingi Kambojanyň Siem-Rip şäherinde duşuşyk geçidiler.

 

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin we Hytaýyň Goranmak ministri general Weý Fingi, Günorta-gündogar Aziýanyň Milli bileleşiginiň (ASEAN) giňeldilen Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen baran Kambojanyň Siem-Rip şäherinde duşuşyk geçidiler. 

Bu duşuşyk iki ministriň iýun aýynda Singapurda geçirilen goranyş forumy Shangri-La Diýalogyndan soň, şu ýylky ikinji ikiçäk duşuşyklary boldy. ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Pet Raýder geçirilen duşuşyk bilen bagly beren beýanatynda, Lloýd Ostiniň kärdeşine  Hytaýa degişli harby güýçleriň Hindi-Ýuwaş umman sebitinde artan howply hereketlerine alada bildirýändiklerini aýdandygyny mälim etdi. 

Metbugat sekretary Pet Raýder Hytaýa degişli uçarlaryň howply hereketleriniň sebitde heläkçilik howpyny artdyrýandygyny, strategik howplaryň azaldylmagy we operatiw howpsuzlygyň artdyrylmagy üçin anyk diýaloga zeurlygyň bardygyny aýdandygy habar berildi. Hytaý tarapy bolsa geçirilen duşuşyk barada entek beýannama bermedi. 

Iki ministriň bu duşuşygy ABŞ-nyň we Hytaýyň liderleriniň geçen hepde Indoneziýada geçirilen G20 Liderler sammitinde geçiren duşuşygyndan soň geçirmekleri ünsleri özüne çekdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, duşuşykda hytaýly kärdeşi Si Szinpine iki ýurduň arasyndaky bäsdeşligiň çaknşyga öwrülmeginden saklanmak üçin aragatnaşyk kanallarynyň açyk tutulmagynyň gerekdigini beýan edipdi. 

Şol bir wagtyň özünde,Amerikanyň ,Hytaýyň töweregindäki suwlarda Hytaýa garşy başdan geçirýän kampaniýasynyň dowamy hökmünde ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Filippinleriň Puerto Prinsessa adasyna sapar etdi.

Bu saparyň ähmiýeti, Hytaýyň Günorta Hytaý deňzinde ýerleşýän adany öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, ABŞ-nyň wise-prezidentiniň Port-Prinsessa adasyna eden sapary, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen, Indoneziýada duşuşanyndan iki hepde geçmänkä   boldy.  Bu aralykda, Hytaýyň prezidenti Amerikaly kärdeşi bilen bolan duşuşygynda Waşingtonyň jedelli meselelerde, şol sanda Taýwan meselesinde ot oýnamagyň netijeleri barada duýduryş berdi. Şonuň üçin "Kamala Harris" -iň Günorta Hytaý deňzine eden sapary, Amerikanyň henizem bu deňiz sebitindäki ýurtlaryň territorial jedellerini Hytaý bilen ulanmaga synanyşýandygyny we Hytaý bilen güýçlenmek islemeýändigini görkezýär.

 

Tags