19 Sentýabr 2019, 18:23
  • Hindistan ýene 180 müň harbysyny Keşmir sebitine iberdi

Hindistan döwleti bu ýurduň kontrol astyndaky Keşmir sebitiniň ilatyny basyp ýatyrmak üçin ýene 180 müň harbysyny bu sebite iberdi.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Hindistanyň bu täze 180 müň harby güýjüniň Keşmir sebitine iberilmegi bilen bu ýurduň Keşmir sebitindäki harby güýçleriniň sany 1 million 80 münden geçendir.

Hindistan döwleti takmynan bir aý ýarymdan bäri bu ýurduň kontrol astyndaky Keşmir sebitini gabap bu sebitde harby hökümet yglan edip gelýändir.

durmuşda Hindistanyň kontrol astyndaky Keşmir ilaty gaty kyn ýagdaýy başdan geçirip derman we azyk kemçiligi bilen ýaka towlaşyp durandyrlar we aýdylşyndan bu sebitiň käbir ilaty şu sebäpli hem öz janlaryny berýändirler.

Hindistan döwleti 5-nji Awgustda bu ýurduň Kontrol astyndaky Keşmir sebitiniň öz başdaklyk yhtyýarlyklaryny ýatyryp Keşmir ilatyna kyn ýagdaýy döretdi.

Hindistanyň bu işden maksady Keşmir sebitiniň jemgyýet gurumyny üýtgetmekdir.Keşmir halky Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň karar hatlary esasynda Keşmiriň ýagdaýyny belli etmek üçin bu sebitde refrandomyň geçirilmegini isleýändirler emma Hindistan döwleti bu meselä garşydyr.

Teswirler