01 Oktýabr 2019, 22:46
  • Eýranyň baş prokurory:Owganystanda NATO-yň huzuly bolmagyndan soň neşe maddanyň mukdary 50 esse boldy

Eýranyň baş prokurory Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň baş prokurorlarynyň 17-nji maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikaly we NATO güýçleriniň Owganystanda huzurly bolmaklaryndan ozal bu ýurtda diňe 200 tonna neşe madda öndürilýärdi emma indi onuň mukdary artyp 50 esse bolandyr diýip yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran Yslam Respublikasy neşe madda garşy göreşiň ugurynda şu mahala çenli 3 müň 814 adamy elden berip 12 müň adam hem maýyp bolandyrlar diýip Eýranyň baş prokurory Muhammet Jafar Montazari aýtdy.

Montazari şeýle-de Owganystanyň NATO we Amerika bileleşiginiň harbylarynyň huzurly bolmaklaryndan soň neşe maddalaryň önüminiň merkezine dönendigine yşarat edip Eýranda ýylda neşe madda garşy göreş ugurda azyndan 300 million dollaryň çykdaýjy edilýändigini aýtdy.

Eýranyň baş prokurory şeýle-de neşe madda garşy göreşmek üçin ähli ýurtlaryň berk yrada gulluk etmekleriniň zerurlygyny nygtady.

Tag

Teswirler