21 Oktýabr 2019, 20:21
  • serdar Rabbani:Amerika howpsuzlygy söwda etmek bilen dünýäde faşizmi dikeltmegiň yzyndadyr

Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştapynyň orunbasary serdar Mehdi Rabbani şu gün Hytaýyň Şian Şan şäherinde geçirilen howpsuzlyk maslahatynda beren gürrüňlerinde Günbatar aýratynda Amerika döwleti howpsuzlygy söwda etmek bilen dünýäniň ýüzünde faşizmiň bir täze görnüşini tomaşa goýmagyň yzyndadyr diýip yglan etdi.

Amerika döwleti dünýäde we Aziýanyň günbatarynda howpsuzlygy söwda etmekde ýalandan howp döreden bolup özara paýlaşmak bilen özgeleri kä ýurtlardan ylaýtada Orsýetden.Hytaýdan we Eýrandan gorkuzýandyr diýip serdar Rabbani beýan etdi.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştapynyň orunbasary sözüniň dowamynda Amerika howpsuzlygyň üsti bilen söwda etmekde özüniň edýän dahylçylyklaryny dogry görkezen bolýandyr diýmek bilen Amerika özüniň bu işleriniň üsti bilen dünýäniň dürli sebitlerinde ýurtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bahanasy bilen olaryň baýlyklaryny talap durandyr diýip belläp geçdi.

Tag

Teswirler