Noýabr 12, 2019 18:22 Asia/Ashgabat
  • kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agza ýurtlaryň başlyklar maslahaty Gyrgyzystanda geçirilýär

Gyrgyzystanyň daşary işler ministrligi kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agza ýurtlaryň başlyklar maslahatynyň Noýabr aýynyň 27-nji we 28-nji günleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçiriljekdigini yglan etdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň çykaran hasabaty boýunça bu maslahat Gyrgyzystanyň baştutanlygynda şeýle-de Belarus,Gazagystan, Orsýet,Täjigistan we Ermenistanyň prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçiriljekdir.

toparlaýyn howpsuzlyk şertnamasy guramasy 1992-nji ýylda Ermenistan,Belarus,Gazagystan, Gyrgyzystan,Orsýet,Täjigistan,Özbegistan,Azerbaýjan Respublikasy we Gruziýanyň arkalaşmaklary bilen döredildi.

Teswirler