Dekabr 14, 2019 17:50 Asia/Ashgabat
  • Ýewraziýa Bileleşigi Eýranyň Orsýetdäki ilçisinden gadyrdanlyk etdi

Ýewraziýa Bileleşiginiň ykdysady komissionynyň başlygy Tigran Sargsyan bu Bileleşik bilen Eýranyň arasynda erkin söwda zonasyny döretmek ugurda taraplaryň bir ylalaşyga gol çekmeklerinde Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Mehdi Sanaeiň çeken zähmetlerinden gadyrdanlyk etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä.Sargsyan Eýranyň Moskwadaky ilçisi Mehdi Sanaeiň hoşlaşmak duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýranyň Ýewraziýa Bileleşigine birikmegi Sanaeiň geçen ýyllarda gaýdusyzlyk bilen çeken zähmetlerine bergidardir diýip ynam bildirdi.

Eýranyň Ýewraziýanyň ykdysady Bileleşigine birikmegi taraplaryň söwda arkalaşyklaryna gowy pursatlary döredendir diýip Sargsyan aýtdy.

Eýranyň Moskwadaky ilçisi Mehdi Sanaei hem bu duşuşykda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen Eýranyň gowy arkalaşyklaryna yşarat edip bu ylalaşyga gol çekmek üçin we Eýrandan arka çykmagy sebäpli Sargsyan we bu Bileleşigiň ministrlerinden gadyrdanlyk etdi.

Teswirler