Dekabr 14, 2019 20:52 Asia/Ashgabat
  • Amerika BMG-nyň hasabatyna garamazdan ýene bir gezek Eýrany aýyplady

Birleşen Milletler Guramanyň çykaran hasabatyna garamazdan Amerikanyň goranmak ministri Mark Esper düýn Saud Arabystanyň nebit gurluşyklaryna baýak edilen hüjümde Eýrany ýene bir gaýtar aýyplady.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Mark Esper düýn Amerikanyň daşary gatnaşyklar geňeşinde beren gürrüňlerinde Eýrana garşy boş gürrüňleri we toslamalary gaýtalap Ýemenlileriň Arabystanyň nebit gurluşyklaryna uçarmansyz uçarlar bilen eden hüjümleriniň arkasynda Eýran bolandyr diýip toslady.

Birleşen Milletler Guramanyň iş tanajylaryň geçen sişenbe güni Arabystandan dolanan mahallary beren hasabatlarynda bu hüjümleriň yzynda Eýranyň elleriniň bolmagyna güwälik berýän hiç bir deliliň üstünden özleriniň barmandyklaryny aýdan mahallary Amerikanyň goranmak ministri bu hüjümler bilen baglanşykda Eýrany aýyplandyr.

Ýemeniň halk we goşun güýçleri Sentýabr aýynyň 14-nde Saud Birliginiň Ýemende ýola berýän jenaýatlarynyň gaýtawulynda bir näçe raketa we uçarmansyz uçar bilen Arabystanyň ARAMKO nebit şereketiniň gurluşyklaryny hüjüm astyna alyp ol mekana köp zyýanlary ýetirendirler.

 

Teswirler