Dekabr 26, 2019 20:16 Asia/Ashgabat
  • BMG-sy Saudylaryň Ýemeniň Saede welaýatyna eden hüjümini ýazgardy

Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer kömeklerini sazlaşdyryjy jogapkäri Lise Grande 38 adamyň ölümine ýada ýaralanmaklaryna sebäp bolan Saud Birliginiň Ýemeniň Saada welaýatynda bir bazara eden hüjümini ýazgaryp ony halkara kanunlaryň aýak aşaga salynmagy bildi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer kömeklerini sazlaşdyryjy jogapkäri Lise Grande bir beýannama boýunça bu hüjümde gurban bolan adamlaryň içeri maşgalalary bilen duýgydaşlyk bildirip bu hüjümi ýola berenleriň suda çekilmekleri isledi.

sişenbe gijesi ýola berilen ýaňky hüjümde Saada welaýatynyň Manba etrapynyň Al-Ragu bazarynda azyndan 17 adam ölüp 12 adam ýaralandylar.

Amerikanyň goldamagy bilen Saud Arabystan bilen Arap Emirlikleriň Ýemene garşy uruşy 5 ýyl bäri dowam edip gelýändir.bu uruşyň netijesinde azyndan 16 müň Ýemenliň ölmeginden aýry 10 müňlerçesi ýaralandylar we millionlarçasy awara boldylar.

Tag

Teswirler