Ýanwar 16, 2020 21:59 Asia/Ashgabat
  • rus jogapkäri Özbegistanyň prezidenti we daşary işler ministri bilen duşuşdy

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Taşkent-e gurnan saparynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen özbek kärdeşi bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Özbegistanyň prezidenti şu Orsýetiň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda özara strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegini,ýokary derejede täsirli gepleşikleriň ýola berilmegini hem-de ykdysady,söwda,maýa goýum,energiýa,transport,medeni we bilim arkalaşyklaryň ýaýbaňlaşdyrylmagyny nygtady.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem bu duşuşykda iki ýurduň häzirki derejedäki arkalaşyklara ýetmeklerinde iki ýurduň prezidentleriniň täsirli rollaryny nygtady.

Lawrow Özbegistan saparynyň dowamynda Özbek kärdeşi bilen hem duşuşydy.

Orsýet Özbegistanyň möhüm ykdysady we söwda hyzmatdaşydyr

Teswirler