Ýanwar 16, 2020 22:29 Asia/Ashgabat
  • Lawrow:Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy sebitde dartgynlylyklary güýçlendirendir

Orsýetiň daşary işler ministri Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagy Aziýanyň günbatar sebitinde igenşikleriň güýçlenmegine sebäp bolandyr diýdi.

Al-Jazira tele kanalynyň beren habaryna görä,Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün beren gürrüňlerinde Amerika ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan hem-de INF şertnamasyndan çykmak bilen Aziýanyň günbatar sebitinde we bütin dünýäde dartgynlylyklaryň artmagyna sebäp bolandyr diýdi.

Amerika we ýaranlarynyň akla sygmaz boluşlary Aziýanyň günbatarynda we demir gazyk Afrikada betbagtçylyga sebäp bolandyr diýip Orsýetiň daşary işler ministri aýtdy.

ol sözüniň dowamynda durmuşky kynçylyklar bilen garşylaşmagyň arkalaşyga mätäç bolýan zamanynda Günbatar bir taraplaýyn hereket edýändir diýip beýan etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şeýle-de Waşington bütin dünýä söwda guramanyň işlerini çäklendirmek üçin we öz isleglerini ýöretmek üçin gadaganlyk abzalyndan peýdalanmak ugurda tagalla edýär diýip sözlerine goşdy.

Tag

Teswirler