Ýanwar 17, 2020 15:25 Asia/Ashgabat
  • Josep Borrel Amerikanyň ýadro ylalaşyga garşy syýasatlaryna gaty tankyt bildirdi

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan bir taraplaýyn çykmagyna tankyt bildirmek bilen bu ýurdyň jogapkärlerine garap siz gowy ylalaşygyň yzyndadygyny aýtýarsynyz,gowy kim üçin diýip sorag berdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Josep Borrel düýn Hindistanyň Raisina maslahatynda beren gürrüňlerinde Ýewropanyň durmuşky ylalaşygy goramagyň yzyndadygyny aýtdy.

Borrel Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan bir taraplaýyn çykmagyna yşarat edip bu ylalaşygy bozmagyň yzynda bolýan taraplar täze bir ylalaşyga ýetmegiň ne-çende kyndygyny bilmelidirler diýip yglan etdi.

12 ýyl gepleşiklerden soň ele gelen bu ylalaşyk jahany howpsuz bir mekana öwürmegi başarandyr diýip Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri sözlerine goşdy.

Eýran Yslam Respublikasy Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan bir ýyl soň we Ýewropalylaryň bu ylalaşyk esasynda öz borçlarynda tapylmanlaryndan soň 60 gün aralyk bilen 5 ädimde özüniň ýadrolyk jogapkärçiliklerini azaltdy.

Tehran öz jogapkärçiliklerini azaltsada emma halkara atom energiýasy agentligi bilen saklaýan arkalaşyklaryny dowam etjekdigini yglan etdi.

Tag

Teswirler