Fewral 04, 2020 22:58 Asia/Ashgabat
  • Halkara Atom Agentliginiň başlygy Eýranyň bu agentlik bilen arkalaşyk saklamagyny ykrar etdi

Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň başlygy Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçilikleriniň azalmagyna garamazdan Tehranyň bu agentlik bilen saklaýan hyzmatdaşlyklary dowam etýändir diýdi.

Rafael Grossi şu gün beren gürrüňlerinde Eýranyň jogapkärçilikleriniň azaldylmagyna garamazdan agentligiň ekspertleriniň derňew işleri Eýranyň atom işleri barada Tehranyň atom agentligi bilen arkalaşyk saklaýandygyny görkezýändir diýip yglan etdi.

agentligiň ekspertleriniň derňewleri 2015-nji ýylda ele gelen ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň usullaryna Eýranyň bildirýän jogapkärçilikleriniň azaldylandygyny görkezýändir şondan gelende ýurtlar özleriniň baýlaşdyrýan uranlarynyň mukdaryny az ýada köp möçberde ýerine ýetirip bilerler diýip Grossi aýtdy.

Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan bir taraplaýyn çykmagyndan soň we Ýewropa ýurtlaryň diýmek Britaniýa,Germaniýa we Fransiýanyň ýadro ylalaşygy esasyndaky öz wezipelerinde tapylmakdan saklanmaklaryndan soň Tehran 5 ädimde öz jogapkärçiliklerini azaltdy.

Tag

Teswirler