Fewral 08, 2020 18:35 Asia/Ashgabat
  • Mahatyr Muhammet Amerikanyň asryň söwdasy diýen taslamasyna tankyt bildirdi

Malaýziýanyň premýer ministri Palestina milletiniň tersine bolýan asryň söwdasy diýen Amerikanyň biabraý taslamasyna tankyt bildirdi.

şu gün Malaýziýanyň premýer ministri Mahatyr Muhammet bu ýurtda Kudusdan arka çykmakda parlamentler bileleşiginiň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň asryň söwdasy diýen taslamasy Sionistleriň jinys parazlygnyň güýçlenmegine sebäp boljakdyr diýdi.

Mahatyr Muhammet şeýle-de Palestina milletiniň ykbaly baradaky Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasynyň ýerine ýetirilmegini isledi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp baýak bir taraplaýyn bir hereketde Palestina milletiniň tersine bolýan asryň söwdasy diýen mashara bir taslamany görnüşe goýdy. bu biabray taslama sebitiň kä Arap ýurtlarynyň arkalaşmaklary bilen taýýarlanyň ýola berilendir.

Teswirler