Fewral 12, 2020 20:24 Asia/Ashgabat
  • Hytaýda Korona wirusyndan ölenleriň sany bir müň bir ýüz adamdan geçdi

Hytaýyň saglygy saklaýyş ministrligi bu ýurtda korona wirusyndan janlaryny elden beren adamlaryň sanynyň bir müň 110 adam ýetendigini habar berdi.

bu ministrligiň yglan etmegine görä,şeýle-de şu mahala çenli Hytaýda 42 müň 500 adam korona wirusyna uçrandyrlar.mundan ozal bu wirus arkaly ölen adamlaryň sany bir müň 18 adam diýilip yglan bolupdy.

Hytaýda korona wirusy arkaly janlaryny elden berýänleriň sanynyň artmagy baradaky habarlaryň ýaýraýan mahaly soňky wagtlarda Hytaýyň saglygy saklaýyş ministrligi bu wirusa uçranlaryň derman bolmagynyň artanlygyny habar berendir.

şol bir wagtda Günorta Koreýanyň ykdysady ösüş gurunjasy özüniň çykaran hasabatynda korona wirusiniň ýoň bolmagy netijesinde üstümizdäki ýylda bu ýurduň syýahatçylyk senagatynyň iki milliard dollar zyýan çekendigini habar berdi.

Wýetnam döwleti hem bir hasabaty ýaýradyp korona wirusiniň ýaýramagy netijesinde bu ýurduň howa ýollar şereketlerine 430 million dollar zyýanyň ýetişendigini yglan etdi.

Teswirler