Fewral 16, 2020 19:08 Asia/Ashgabat
  • Bin Alawi:Eýran sebitiň uly bir ýurdydyr

Omanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy sebitiň uly ýurdydyr diýdi.

Al-Jazira tele ýaýlymynyň beren habaryna görä,Omanyň daşary işler ministri Ýüsüp Bin Alawi Mýuheniň howpsuzlyk konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Eýrany çalyşa çekmeklik sebitiň aramlaşmagyna ýardym etmez sebäbi Eýran her bir ýagdaýda bolsada sebitiň bir uly ýurdy bolup galjakdyr diýip ynam bildirdi.

Omanyň daşary işler ministri şeýle-de harby gämileriň Hormoz bogazynda her hili ýalňyşlyk goýberip uly kynçylyklary döretmekleri barada howatyrlanma bildirdi.

Bin Alawiniň bu sözlerden maksady Pars aýlagynda 7 ýurdyň harby gämileriniň gatnaşmagyndaky Sentinel bileleşigidir.

Amerika Eýrana berýän basyşlarynyň dowamynda soňky aýlarda Pars aýlagynda şu hili işlere baş goşup durandyr

Tag

Teswirler