Fewral 24, 2020 17:30 Asia/Ashgabat
  • 27-nji Fewralda prezident Aşraf Ganiň kasam kabul ediş dabarasy bolar

Owganystanyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy prezident saýlowlarynyň netijelerine bildirilip duran arzalara garamazdan geljek penşenbe güni Kabulda geçiriljekdir.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şol bir wagtda Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani bir perman boýunça prezident we onuň orunbasarlarynyň kasam içme dabarasy üçin bir komiteti ýola goýdy.

bu komitetiň baştutanlygy Owganystanyň ýerli urganlar edarasynyň başlygy Abdolmatin Beiýk-e ynanyldy.

şeýle-de Owganystanyň milli goranyş ministrligi,içeri işler ministrligi,ýurduň milli howpsuzlyk boýunça baş dolandyryşy,Kabulyň şäher häkimi we beýleki edaralar bu ugurda ýaňky komitet bilen arkalaşmaga borçly edildi.

Owganystanyň garaşsyz saýlowçylyk komissiýasy Fewral aýynyň 18-nde Owganystanyň häzirki prezidenti Aşraf Ganini bu ýurduň prezident saýlowlarynyň üstün tarapy höküminde tanady.bu komissiýanyň yglan etmegine görä Aşraf Gani sesleriň 50 bütin ýüzden 60 göterimini el-gerip Owganystanyň prezident saýlowlarynda ýeňiş gazanandyr.

bu saýlowlarda Aşraf Ganiň bäsdeşi bolan Abdulla Abdulla saýlowçylyk komissiýanyň yglan eden netijesini kabul eden däldir.

Tag

Teswirler