Fewral 24, 2020 19:23 Asia/Ashgabat
  • Bugdanow:Amerika sebiti durnuksyz etmek üçin general Suleýmanini terror edendir

Orsýetiň prezidentiniň Aziýanyň günbatar işleri boýunça wekili Mihail Bugdanow yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serhet aşa Kudus güýjüniň serkerdesi general Gasym Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatkärçilikli işiniň maksadyny Aziýanyň günbatarynyň durnuklylygyna zarba urmaklyk bildi.

Amerikanyň kä syýasy resmileri Aziýanyň günbatar sebitinde ýagdaýyň normallaşmagyny islemeýärler diýip Orsýetiň prezidentiniň Aziýanyň günbatar işleri boýunça wekili Mihail Bugdanow aýtdy.

Bugdanowyň aýtmagyna görä,general Gasym Suleýmani Aziýanyň günbatarynda terrorizme garşy göreşde möhüm rol oýnaýan ýagdaýynda Amerika döwleti tarapyndan terror edilendir.

General Suleýmani bilen ýaranlary 2020-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 3-nji gijesinde Amerikaly terrorçylaryň ýola beren howa hüjümlerinde Bagdadyň howa menzilinde şehit boldylar.

Amerikanyň goranmak ministrliginiň yglan etmegine görä,Tramp bu hüjümiň buýrugny berendir. dünýäniň köp ýurtlary Amerikanyň bu jenaýatçylykly işini ýazgarandyrlar.

Teswirler