Mar 09, 2020 15:51 Asia/Ashgabat
  • Hindistanda musulmanlaryň hak hukuklarynyň aýak aşaga salynmagyna bildirilýän arzalar dowam edýär

Eýranyň kazyýet güýjüniň aklawjylar merkezi bir beýannama çykaryp Hindistanda musulmanlaryň gyrana berilmeklerini ýazgarmak bilen bütin Hindistanlylaryň graždanlyk hak hukuklaryna hormat goýulmagyny nygtady.

halkara adam hukukyň usullaryna laýyklykda şol sanda adalat we deňlik baradaky döwletleriň paýyna düşýän borçlar esasynda Hindistan döwleti bütin Hindistanlylaryň hak hukuklaryna deň derejede hormat goýmak barada öz borçlarynda tapylmalydyr diýilip bu beýannamada getirilýär.

Eýranyň kazyýet güýjüniň aklawjylar merkezi şeýle-de başga musulman ýurtlardan aýratynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan Hindistanly musulmanlaryň hak hukuklaryndan arka çykmak üçin hem-de Hindistan döwletine basyş bermek üçin özleriniň dini we ynsanlyk borçlarynda tapylmaklaryny nygtady.

Hindistanyň graždanlyk kanuny 2019-nji ýylyň 11-nji Dekabrynda düzedildi bu kanun esasynda 2015-nji ýyldan ozal Pakistan,Owganystan we Bangladeş ýurtlaryndan Hindistana baran kimliksyz bosgunlar musulman bolmadyk ýerinde Hindistanly raýatlygyny alyp biljekdir.

Tags