Mart 21, 2020 16:01 Asia/Ashgabat
  • korona keseliniň ýoň bolmagy bilen Daşkent-de 3 keselhana gurulýar

korona keseline uçranlaryň sanynyň artmagy bilen baglanşykda Özbegistan ilatynyň howatyrlanmagynyň yzy bilen bu ýurduň döwleti Daşkent-de täzeden 3 hassahananyň gurulmagyndan habar berdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Özbegistan döwleti bir beýannama boýunça bu 3 hassahananyň geljek bir aýlykda bu howply we ýokanç keseli bilen garşylaşmagyň çarçuwasynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde guruljakdygyny yglan etdi.

korona keseliniň ýaýramagy Özbegistanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirleri galdyrandyr diýilip bu beýannamanyň dowamynda getirilýär.

bu habar esasynda şu günden başlap Özbegistandaky hezil alyş toplumlary we resturanlary korona keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin baglanar we bu ýurt bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky halkara gatnawlar 40 güne çenli ýatyrylýar.

Özbegistanda korona keseline duçar bolan adamlaryň sany 33 adama ýetdi.

bütin dünýä saglygy saklaýyş guramanyň çykaran iň täzeki hasabaty boýunça şu gün Mart aýyň 21-nji gününe çenli jahanda korona wirusyna uçran adamlarynyň sany 276 müň 462 adama ýetendir bu sandan 11 müň 417 adam janlaryny elden berip 91 müň 954 adam hem bu keselden gutulandyrlar.

Teswirler