Mart 25, 2020 15:39 Asia/Ashgabat
  • Guterreş: Korona garşy göreşmek üçin halkara köpçüligi Eýran bilen arkalaşsyn

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary koronawirusyna garşy göreşip ýörän ýurtlara garşy gadaganlyklaryň ýatyrylmagynyň zerurlygy baradaky bu guramanyň adam hukuk boýunça ýokary komissary Miçelle Baçeletiň beýannamasyny doly goldamak bilen ähli ýurtlary korona garşy göreşmekde Eýran bilen arkalaşmaklyga çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretarynyň metbugat wekili Steffan Dujarik bu guramanyň adam hukuk boýunça ýokary komissarynyň Amerikanyň Eýrana we Wenesuela garşy girizen gadaganlyklarynyň ýatyrylmagynyň zerurlygy barada aýdanlaryny tassyklap:Antonio Guterreşiň  bu gurama agza ýurtlardan durmuşky möhüm şertlerde Eýranyň korona garşy tagallalaryny goldamaklaryny isländigini aýtdy.

Steffan Dujarik şeýle-de soňky wagtlarda Guterreş bilen Zarifiň telefon arkaly söhbetdeş bolandyklaryna yşarat edip Guterreşiň Eýrana lukmançylyk enjamlary ibermegiň başga ýurtlara görä gaty kyndygyny bilýändigini aýdandyr diýdi.

Birleşen Milletler Guramanyň adam hukuk boýunça ýokary komissary Miçelle Baçelet sişenbe güni bir beýannama boýunça Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklarynyň ýatyrylmagyny isledi.

Teswirler