Aprel 09, 2020 23:25 Asia/Ashgabat
  • Italiýada 18 müňden gowrak adam koronawirusyndan öldiler

Italiýanyň hökümeti penşenbe güni gije soňky 24 sagatda ýene 610 adamyň koronawirusyndan ölendiklerini habar berdi.

bu 610 adamyň ölmegi bilen Italiýada koronawirusyň pidalarynyň sany 18,279-a ýetdi.

Şeýle hem Italiýa hökümeti soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 4 müň 204 adamyň täzeden koronawirus keseline uçranlaryň hasaba alnandygyny habar berdi we şu wagta çenli Italiýada 143,626 adamyň bu wirusa uçrandygyny mälim etdi.

Häzirki wagtda Italiýada Ýewropa ýurtlarynyň arasynda koronawirusyndan ölen adamlaryň sany gaty köpdir.

Italiýanyň premýer-ministri Juzeppe Konte 10-njy martda ýurtda koronawirusyna uçran adamlaryň sanynyň köpelmeginden soň Italiýadaky ähli 60 million adamy karantine bermek kararyna geldi.

durmuşda dünýäni gurşap alan koronawirusy geçen ýylyň soňraklarynda Hytaýyň gündogaryndaky Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde tapyldy.

Teswirler