Maý 10, 2020 15:35 Asia/Ashgabat
  • ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmak bilen Amerikalylar has rahatdyrlar diýip Pompeo toslady

Amerikanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasyna garşy esassyz aýyplamalary gaýtalap Waşingtonyň ýadro şertnamasyndan çekilenden soň ABŞ-nyň has howpsuz bolandygyny toslady.

2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ýadro ylalaşygyň borçnamalaryny bozup Amerikany bu halkara şertnamadan bir taraplaýyn şekilinde çykardy we Eýrana garşy bikanun gadaganlyklaryň yzyna gaýtaryljakdygyny mälim etdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Maýk Pompeo ýekşenbe güni irden twitter sahypasynda ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çekilmeginiň ýyl dönümine salgylanyp Iki ýyl ozal Donald Trump dünýäni Eýranyň ýadro programmasynyň zorlugyndan we howplaryndan goramak üçin Eýran bilen ele gelen ýadro şertnamasyndan çykmak baradaky batyrgaý kararyny yglan etdi diýip yglan etdi.

Pompeo öz toslamasynyň dowamynda synçylaryň aýdýanlarynyň we ABŞ-da geçirilen dürli pikir soralyşyklaryň netijeleriniň tersine häzirki wagtda Amerikalylar we Aziýanyň Günbatar sebiti biziň ýadro ylalaşykda bolýan mahalymyza görä köpräk asuwdalyk duýýandyrlar diýip toslady.

Tag

Teswirler