Maý 11, 2020 11:32 Asia/Ashgabat

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Iňlis gazetleri “The Sun” we “The Independent” ABŞ goşunynyň mikrob we wirus söweş meýilnamalary barada çykaran hasabatlarynda Amerika goşununyň mör-möjekleri wirus ýaýratmak üçin biologiki ýaragyň täze görnüşi hökmünde ulanjakdygy baradaky aladalar köpeldi diýip ýazdylar.

ABŞ-nyň harby guramasy bolan ABŞ-nyň Goranmak boýunça ösen gözleg taslamalary gullugy azyk saklamak üçin çekirtgeler, ak siňekler we şeteleri ulanyp, mör-möjek ýaranlary atly programma alyp barýar.

Görnüşinden, bu programmanyň maksady guraklyk, ekin zyýan berijileri we ösümliklere wirus ýokaşdyrýan mör-möjekleri ulanmak bilen bioterrorizm ýaly howplara garşy göreşmekden ybaratdyr!

Emma “Science” inurnalynda çap edilen makalada bir topar alym we aklawçy mör-möjekleriň ýarag hökmünde ulanylmagyna alada bildirdi.

makalanyň awtorlaryndan biri, Friborg uniwersitetiniň aklawçysy Feliks Bek "The Independent" gazetine beren interwýusynda "ABŞ-nyň Goranmak boýunça ösen gözleg taslamalary gullugynyň harby häsiýetini göz öňünde tutup, bu meseläniň düşnüklidigine we bu gözlegiň goşa taraplaryna kän bir ähmiýet berilmändigine geň galdyk" -diýdi. şo bir wagtda Amerikanyň resmileri bu howatyrlanmalary we bu gözleglerden iki uwçly haýyrlanmaklygy ret etdiler.

 

Tag

Teswirler