Maý 16, 2020 16:34 Asia/Ashgabat
  • BMG-nyň adam hukuklary boýunça komissary: ​​Eýrana we Wenesuela garşy sanksiýalar ýatyrylmaly

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary, Korona garşy söweşde Eýrana we Wenesuela garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny ýa-da wagtlaýyn togtadylmagyny isledi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçlet anna güni France24 bilen söhbetdeşlikde häzirki ýagdaýyň, adamlary halas etmek üçin ABŞ-nyň Eýrana we Wenesuela garşy sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny talap edýändigini aýtdy.

BMG-nyň bu resmisi şeýle-de lukmançylyk önümlerini gadaganlyklar sanawyndan çykarmak ugurdaky Trumpyň beren rugsat çäresi gaty gowşakdyr we diňe sanksiýalary ýatyrmak ýa-da wagtlaýyn togtatmak hakyky täsir edip biljekdigini aýtdy.

Halkara jemgyýetçiliginiň ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryny ýatyrmak baradaky çagyryşyna garamazdan, Donald Trump sanksiýalaryň dowam etdirilmegine aýak direýändir.

ABŞ-nyň sanksiýalary lukmançylyk enjamlarynyň Eýrana we Wenesuela iberilmeginiň öňüni aldy.

Tag

Teswirler