May 24, 2020 18:09 Asia/Ashgabat
  • ýüze çykan tupan sebäpli Hindistana we Bangladeşe milliardlarça dollar zyýan ýetjekdigi çak edilýär

Hindi hökümeti Amfan tupanynyň iki ştatda 13 milliard dollar zyýan çekendigini aýdýar.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amfan  tupany birnäçe gün ozal Hindistanyň gündogaryndaky Bengal we Odessa ştatlaryna hüjüm edip, bu iki ştatyň düýp gurluşyklaryna agyr zyýanlary ýetirdi.

Bu aralykda, Bangladeş hökümeti ilkinji çaklamalara görä Amfan tupany ýurda girenden soň bu ýurduň düýp gurluşyklara 130 million dollardan gowrak zyýany ýerirendir.

Hindistanda we Bangladeşde tizligi sagatda 200 kilometrden gowrak bolan bu tupan ýüzlerçe adamyň ölmegine we ýaralanmagyna, ýüzlerçe obanyň suw basmagyna millionlarça adama täsir etdi.

Amfan tupany onýyllyklaryň dowamynda Hindistanda we Bangladeşde iň güýçli tupanlaryň biri bolandyr.

Tags