Iýun 05, 2020 15:30 Asia/Ashgabat
  • Orsýet Amerikanyň Eýrana garşy abanýan howplaryny tankytlaýar

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň Eýranyň Wenesuela nebit eksportyny ýeňilleşdirýänlere garşy haýbat atmagyny kabul edip bolmajak iş hasaplamak bilen Waşingtonyň bu basyş bermek syýasatyny ýazgardy.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Mariýa Zaharowa penşenbe güni agşam beren gürrüňlerinde ABŞ-nyň Eýranyň Wenesuela nebit eksportyny ýeňilleşdirýän ýurtlara sanksiýalary girizmek howpunyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Zaharowa ABŞ-nyň sanksiýalaryny ýazgaryp,Moskwanyň Waşingtonyň bikanun hereketlerini  togtatmagyny isleýändigini aýtdy.

Amerikanyň gazna ministrligi ýakynda Eýranyň nebitini Wenesuela äkiden dört gämi gatnaw kompaniýasyny boýkot etmekden aýry Eýranyň Wenesuela ýangyç eksportyna gatnaşan ýurtlar,port jogapkärleri,gämi eýeleri we kapitanlary Amerikanyň sanksiýalar sanawynda bolarlar diýip haýbat atdy.

Eýran Yslam Respublikasy ýaňy-ýakynda ABŞ-nyň ykdysady gabawy astyndaky Wenesuelanyň hökümetini we milletini goldamak üçin bu ýurda bäş sany ýangyç ýükli gämini iberdi we ABŞ-nyň howplaryna garamazdan Wenesuelanyň portlarynda ýerleşdiler.

Teswirler