Iýun 05, 2020 15:57 Asia/Ashgabat
  • Orsýet:Eýran kosmos tehnologiýasyna eýe bolmaga haklydyr

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili bu guramanyň baş sekretaryna ýazan hatynda Eýranyň kosmosa emeli hemrany ibermegi howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji kararyna garşydyr diýip Amerikanyň öňe süren toslamasyny ret etmek bilen Tehran bu tehnologiýadan paýly bolmaga haklydyr diýdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran hergiz ýadro ýaraglary bolan däldir durmuşda hem bu ýaraglary ýokdyr we geljekde hem şeýle bir ýaraglarynyň bolmagyny guman etmeýäris diýip Wasiliý Nebenzia özüniň Antonio Guterrese ýazan hatynda getirdi.

Eýran geçen Aprel aýynyň 22-synda bir emeli hemrany kosmosda ýerleşdirdi.Nebenzia Eýranyň bu işi barada Amerikanyň aýdanlaryny ýalan ýaşryk bilmek bilen howpsuzlyk geňeşiniň 2015-nji ýyldaky karar haty Eýrandan ýadro ýaraglaryny göterip bilýän balistik raketalary ýerlikde işlemekden saklanmagyny isländir diýip öz hatynyň dowamynda getirdi.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň bir bölegi bolan Eýrana garşy ýarag gadaganlyklaryň ýatyrylmagynyň  wagtynyň ýakynlaşmagy bilen, ABŞ sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň öňüni almak üçin tagallalaryny iki esse artdyrdy.

Teswirler